JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Täjigistan demirýol ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirer

“Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda agentligiň başlygy Azat Atamyradow bilen Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzodanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Demirýol ulaglary pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar. Hususan-da, iki ýurduň arasyndaky ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak we bäsleşige ukyply geçelgeleriň işlerini güýçlendirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Täjigistan Respublikasynyň iri import we eksport edýän kompaniýalaryny Türkmenistanyň Demirýol ulaglary edarasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzdaky infrastrukturalar, ýük dolanyşygyny artdyrmak üçin Täjigistan Respublikasynyň demirýolçularyndan başga-da, logistiki kompaniýalary we önüm öndürijileri Aşgabat şäherine çagyrdy.

 Häzirki wagtda “CASCA +” diýlip atlandyrylýan we “Aziýa-Ýuwaş ummany ýurtlary – Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa” Halkara multimodal geçelgesiniň çalt depginde ösýändigi bellenildi. Täjigistanly diplomat bu multimodal geçelgesi boýunça gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi we ýakyn wagtlarda agzalýan multimodal geçelgesi boýunça täjik demirýolçulary bilen geşeşip, netijesini agentlige ýetirjekdigi barada nygtady.

Şeýle hem Ilçi ýakyn wagtlarda täjik tarapy bilen gepleşikler geçirip, “Türkmendemirýollary” agentliginiň hünärmenleri bilen online arkaly “Türkmendemirýollary” agentliginiň wekilleriniň arasynda duşuşyk gurnamagy teklip edildi.

Ozal, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçen ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy geçirilip, onuň çäklerinde Merkezi Aziýada gury ýer ulaglarynyň özara baglanyşygyny güýçlendirmek baradaky Ylalaşyga gol çekilipdi.

Bu resminama türkmen we täjik taraplarynyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa sebitindäki ulag hyzmatlary bazarynda bäsdeşlik gurşawyny üpjün etmek, täze halkara, şol sanda multimodal geçelgeleri emele getirmek we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, gury ýer ulaglary bilen ýükleri daşamak we üstaşyr geçirmek işini ýeňilleşdirmek ýaly maksatlary özünde jemleýär.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Helsinki şäherine amala aşyran sapary

Balkanabat şäherine täze häkim bellendi

Ata Watan Eserleri

Gazagystanda “Merkezi Aziýa-Germaniýa” sammiti geçiriler

Ata Watan Eserleri

Serhetde duşuşyk: Türkmenistan bilen Owganystan möhüm taslamalara badalga berer

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişiler

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

Ata Watan Eserleri