JEMGYÝET

Milli Liderimiz ahalteke atlarynyň Halkara gaznasyny döretmegi teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyndaky çykyşynda Halkara assosiasiýalar derejesinde hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn ugurlaryny döretmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de olaryň arasyndan aň-bilim we barlag işlerini utgaşdyrmagy, anyk taryhy materiallary we maglumatlary alyşmagy teklip etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewlerine bagyşlap köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, telewideniýede, dokumental esasda, sanly çeşmelerde, çap ediş önümi görnüşinde döredijilik eserlerini döretmegiň meýilnamalaryny we maksatnamalaryny işläp düzmegiň üstünde oýlanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de ahalteke bedewiniň bitewi genetik bankyny, ahalteke atlarynyň Halkara gaznasyny döretmek başlangyjyna seretmegi teklip etdi.

Gahryman Arkadagymyz tagallalary we mümkinçilikleri birleşdirmegiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň bu işi goldamaga, maslahat beriş, usulyýet ýardamyny etmäge, arhiw we beýleki materiallary bermäge taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke atlary bilen baglanyşykly işleriň ýene-de bir möhüm kesgitleýji ugruna ünsi çekip, ahalteke atlarynyň diňe bir türkmenleriň buýsanjy däl-de, türkmeniň döwletliliginiň, garaşsyzlygynyň, ähli halklar bilen dostluga we özara düşünişmäge açykdygynyň nyşanydygyny belledi.

Related posts

Howa maglumaty: howalar maýyl bolýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’ın cam ağacı Orta Asya’nın en büyüğü

vepa

Türkmenistan we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri duşuşdylar

vepa