JEMGYÝET

Milli Liderimiz Beýik Ýüpek ýoly boýunça atly syýahaty guramagy teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynda eden çykyşynda «ýaşyl” diplomatiýany we ekosyýahatçylygy ösdürmek möhüm ähmiýete eýedigini, ahalteke bedewlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugry boýunça atly syýahatyň guralmagy dünýä syýahatçylygynyň täze bir görnüşi bolup biljekdigini belledi.

– Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyz weterinar ylmyna maýa goýmagyň, özboluşly genomy öwrenmek üçin halkara barlag grantlaryny döretmegiň zerurdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Kronenbergde geçirilýän çäre köp ýurtlardan assosiasiýalary bir ýere jemledi. Bu bolsa ahalteke atlaryny söýüjileriň, bu ugurdaky hünärmenleriň, pikirdeşleriň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin gowy mümkinçilik döredýär, diýip Milli Liderimiz belledi.

Related posts

«ON» birnäçe minutda rekord goýdy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri boýunça dünýä metbugatynda 200-den gowrak makala neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi