JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: esasy maksadymyz ahalteke atlarynyň Olimpiýa ýaryşlaryna gatnaşmagydyr

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji nobatda, dünýä atçylyk sportuna gatnaşmagy giňeltmek möhümdir. Şunda esasy maksat ahalteke atlarynyň Olimpiýa ýaryşlaryna gatnaşmagyny gazanmagyň möhümdigini belledi. Bu barada Milli Liderimiz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyndaky çykyşynda belledi.

“Diňe bir Türkmenistanyň tagallasy bilen däl, eýsem, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary yzygiderli berkitmek üçin ahalteke atçylygyny ösdürmegi möhüm hasap edýärin. Häzirki wagtda anyk strategiýany işläp düzmek, ýakyn onýyllykda ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça esasy ugurlary kesgitlemek biziň baş wezipämiz bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, “Pilbergen” ýaly şeýle hünär klasteriniň binýadynda dünýä bäsleşiginiň geçirilmegi mundan beýläk-de biziň maksadymyzy aýdyň görkezýär” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, ilkinji nobatda, dünýä atçylyk sportuna gatnaşmagy giňeltmek möhümdir. Şunda esasy maksat ahalteke atlarynyň Olimpiýa ýaryşlaryna gatnaşmagydyr. Munuň üçin baş öwretmegiň we konkuryň halkara standartlary esasynda ýaş atlary taýýarlamak boýunça maksatnamalary işläp düzmek, şeýle hem biziň tohum atlarymyza degişliler üçin iri halkara baýraklary döretmek zerurdyr – diýip, türkmen halkynyň Mlli Lideri belledi.

Related posts

GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisi 22-nji maýda Aşgabatda geçiriler

Täze binalaryň gurluşygy üçin halkara bäsleşigi

«Arkadag» toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy