JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna sapary başlandy. Rus metbugatynyň habar bermegine görä, bu sapar 3 gün dowam eder.

Metbugat neşirleriniň habar bermegine görä, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy rus paýtagtynyň howa menzilinde  Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko garşylady.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna sapary dürli çärelere baý bolar. Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen-rus hyzmatdaşlygyna bagyşlanan fotosurat sergisine gatnaşar, Federasiýa Geňeşinde çykyş eder hem-de rus senatorlary bilen “tegelek stoluň” başynda duşuşyk geçirer.

Related posts

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentiniň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» : Täze Perman

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Owganystan-Azerbaýjan arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk

Leave a Comment