JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Jemal Nurmuhammedowany ýaş toýy bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlar Patyşalygyna saparynyň dowamynda pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Gahrymany Jemal Nurmuhammedowany ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutlady.

«Jemal bagşy, ynha çet ýurtda siziň ýaş toýuňyzy hemmämiziň adyndan gutlamak nesip etdi. Siz uzak ýyllaryň dowamynda baý many-mazmunly ajaýyp aýdymlaryňyz bilen halkymyzyň uly hormatyny gazandyňyz. Aýdym-saz sungatyny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda uly işleri bitirdiňiz. Birnäçe döwlet sylaglaryna hem-de hormatly atlara mynasyp bolduňyz. Siz döwlet derejesindäki baýramçylyk konsertlerine gatnaşyp, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürip, ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýarsyňyz» diýip, Gahryman Arkadag aýtdy hem-de Jemal Nurmuhammedowany ýene-de bir gezek ýaş toýy bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, owazynyň mundan beýläk-de belentden ýaňlanmagyny, geljekde-de kämil aýdym-saz eserleri bilen Watany wasp etmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Related posts

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» hytaý dilinde neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da 2016 Yılı Değerlendirildi

vepa

Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň agzasy

Dr.Döwran Orazgylyjov