JEMGYÝET

Milli Liderimize friz tohumly at sowgat berildi

Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen, Niderlandlar Patyşalygyna sapary amala aşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisine gatnaşdy. Bu mejlisde Marian Weltewreden ahalteke atlarynyň arasynda şeýle uly dünýä çempionatynyň Ýewropada ilkinji gezek geçirilýändigini belläp, şu taryhy waka bilen baglylykda, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Gahryman Arkadagymyzy “Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin” atly baýrak we degişli Kubok bilen sylaglamak kararyna gelendigini aýtdy we bu sylaglary Milli Liderimize gowşurdy.

Şeýle hem Niderlandlar Patyşalygyndaky möhüm dabaralaryň çäklerinde Gahryman Arkadagymyza Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň arasyndaky dostlugyň, özara hormatyň nyşany hökmünde friz tohumly at sowgat berildi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň ilçisini kabul etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Er-Riýadda geçirilen «Bir bitewi suw» sammitine gatnaşdy

Milli Liderimiz Russiýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady