JEMGYÝET

Eýranyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hoseýn Amir Abdollahiýan sapar bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi. Eýranyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ýokary derejeli ýolbaşçy düzümleri bilen gepleşikler geçirer. Bu barada Eýranyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Aşgabatda geçiriljek gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giňeltmek we sebit hyzmatdaşlygy boýunça pikir alşylar.

Energetika, ulag, üstaşyr we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk türkmen-eýran gepleşikleriniň gün tertibiniň esasyny düzer.

Aşgabada saparynyň öňüsyrasynda Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hoseýn Amir Abdollahiýan “X” (ozalky Twitter) jemgyýetçilik torunda şeýle diýdi: Men Aşgabada barýaryn. Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkideris. Eýranyň 13-nji administrasiýasy halkara gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda gender deňligi boýunça täze bäşýyllyk meýilnama tassyklanyldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Aşgabada geldi

Ata Watan Eserleri

Futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň gyzykly taryhy

Arkadag şäheri Azerbaýjanyň Medeniýet günlerini kabul etdi

C5+1: Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň medeniýet ministrini kabul etdi