2024-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Ş.Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri O. Nazarbekowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtap, medeni we ynsanperwer ugurda türkmen-özbek gatnaşyklary barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem türkmen halkynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäginde gurnaljak bilelikdäki çäreler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýlelikde, ilçi bu çärä bagyşlanan dürli baýramçylyk çäreleri bilen özbek tarapyny tanyşdyrdy. Öz gezeginde ministr O. Nazarbekow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň “Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň giňden bellenmek” hakyndaky kararyna laýyklykda, Özbegistanda boljak medeni çäreler barada habar berdi.
