SPORT

BAE-de geçirilen Ýaşlar ligasynyň ýaryşynda türkmen karateçileri iki bürünç medal gazandylar

Türkmen türgenleri Bütindünýä karate federasiýasynyň (WKF) howandarlygynda Fujeýrada (Birleşen Arap Emirlikleri) geçirilen “Ýaşlar Karate Ligasy 1” atly ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler.

78 ýurtdan 2000-den gowrak türgeniň 12 ýaşdan 20 ýaşa çenli ýaş kategoriýalarynda güýç synanyşan bäsleşiginde, watandaşlarymyz karateniň kumitde görnüşinde iki bürünç medala mynasyp boldular.

Bu üstünligi Aşgabat şäheriniň 61-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Alymuhammet Kakalýew we Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Gurbannazar Amandurdyýew gazandylar.

Alymuhammet Kakalýew 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda 55 kilograma çenli agram derejesinde, Gurbannazar Amandurdyýew bolsa 14 ýaşdan uly türgenleriň arasynda 52 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdiler.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler