BILIM

Türkmen okuwçylar Kuala-Lumpurda ýeňiş gazandylar

18 — 25-nji fewral aralygynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda iňlis dili dersi boýunça halkara bäsleşik geçirildi.

Dünýäniň 50 döwletinden müňden gowrak mekdep okuwçysynyň gatnaşmagynda kiçi, orta we uly ýaş toparlarynda 6 ugur boýunça geçirilen halkara bäsleşik çekeleşikli boldy. Oňa Türkmenistandan jemi 15 okuwçy gatnaşyp, 10 sany baş baýraga, 6 sany altyn medala, 5 sany kümüş medala, 11 sany bürünç medala mynasyp boldular. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Related posts

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen “Huawei” emeli aň we IT boýunça hünärmenleri taýýarlar

Gutardyş synaglaryň Soragnamalary :Türkmenistanyň Taryhy dersi

Ata Watan Eserleri