SIZDEN GELENLER

Ýapon diliniň ähmiýeti

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda halkara gatnaşyklaryň işjeňleşmegi işewür adamlarda, hünärmenlerde, mugallymlarda, dilçi alymlarda, ýaşlarda ýapon dilini has düýpli öwrenmäge islegi
artdyrýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon dili hünär dili we ikinji dil hökmünde öwrenilip başlandy.

Ýapon diliniň öwrenilişiniň netijeliligi we döwrebaplygy, ilki bilen, bu diliň sözleriniň dürs ýazylyşynyň we dogry aýdylyşynyň  normalarynyň özleşdirilmegine baglydyr. Munuň durmuşa geçirilmegi üçin türkmen
dilinde ýörite okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň neşir edilmegi zerurdyr. Ýokary okuw mekdepleri üçin taýýarlanylan «Ýapon dili» atly okuw kitaby şu möhüm wezipäniň çäklerinde ýerine ýetirilip, ol ýapon dilini ikinji dil hökmünde öwrenýänlere, mugallymlara, şeýle hem dil bilen gyzyklanýanlara niýetlenilýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 7-sinde, umumybilim berýän orta mekdepleriň 12-sinde ýapon dili öwredilýär. Ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdeplerinde ýapon diliniň öwredilişi yzygiderli kämilleşdirilýär, bu ugurda zähmet çekýän mugallymlaryň okuw-usuly maslahatlary geçirilýär. Şeýle-de orta mekdepleri üçin ýapon dili boýunça okuw kitaplarydyr sözlükler taýýarlanylýar.

2016-2017-nji okuw ýylyndan başlap, ýurdumyzyň mekdeplerinde ikinji daşary ýurt dili hökmünde ýapon dilini öwrenmek boýunça maksatnama hereket edýär. 2016-njy ýylda bolsa Aşgabatda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti we ýöriteleşdirilen orta mekdep açylyp, olaryň maksatnamasyna ýapon dili girizildi.

Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

Tutuşlygyna, ýurdumyzda ýapon dilini 13,3 müň adam öwrenýär. Ýapon diliniň dünýäde uly gyzyklanma bildirilip öwrenilýän ýurtlarynyň hatarynda ýurdumyzyň öňdäki hatardadygyny bellemelidiris.

Ýapon dili Ýaponiýanyň döwlet dilidir. Ýapon dilinde 140 milliona golaý adam gepleýär. Ýapon dili altaý dil maşgalasynyň düzüminde bolup, ol grammatik gurluşy boýunça agglýutinatiw dile degişlidir.
Ýapon ýazuwynyň häzirki zaman ulgamy dünýä dilleriniň arasynda iň çylşyrymlysy hasaplanylýar. Katakana we hiragana atly iki bogunly elipbiý esasynda öwrenilýän bu dilde 2000-e golaý iýeroglif bardyr.

Sabira Lokkaýewa,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

Dil öwreniş kompýuter lingwistika ugrunyň 1-nji ýyl talyby

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri