DÜNÝÄ

Kiýew şäherindäki Magtymgulynyň muzeýine türkmen milli gymmatlyklarynyň gowşurylmagy

Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy dabaraly ýagdaýda kitaphananyň çäginde ýerleşýän Magtymguly muzeýine Türkmenistanyň Medeniýet Ministrligi tarapyndan iberilen türkmen milli medeni-mirasynyň gymmatlyklaryny we dürli dillerdäki kitaplaryny gowşurdy.

Kabul ediji tarap, ýubileý ýylynda aýratyn ähmiýete eýe bolan we türkmen nusgawy şahyrynyň mirasyny has giňişleýin öwrenmäge we ýaýratmaga niýetlenen bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar üçin minnetdarlyk bildirdiler.

Indi Magtymguly muzeýinde halk senetçiliginiň önümlerini, nepis dokalan haly önümlerini, zenanlaryň milli şaý-seplerini, türkmen milli egin-eşiklerini we baş gaplaryny, milli saz gurallaryny, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň heýkelini, kanwada dokalan we zehinli türkmen suratkeşleriniň çeken suratlaryny görüp bolar.

Kitaphananyň kitap fondy we muzeý türkmen edebiýaty, hususan-da Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary hem-de ýurdumyzyň taryhy, medeniýeti, binagärligi we türkmen halkynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragy we onuň bahasyna ýetip bolmajak şahyrana mirasy baradaky neşirler bilen dolduryldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Magtymguly Pyragynyň gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri