DÜNÝÄ

Türkmenistan Serbiýa we Nepala ilçi belledi

E.M.Aýdogdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 5-nji iýuly.

****

Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Nepaldaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 5-nji iýuly.

Related posts

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk

vepa

Türkmenistan pes uglerodly energiýany ösdürmegi goldaýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy arkaly 2 müňden gowrak myhman Awazadaky foruma geler