DÜNÝÄ

Eýrandaky prezident saýlawlarynda Pezeşkiýan ýeňiş gazandy

Eýranda geçirilen prezident saýlawlarynyň 2-nji tapgyrynyň netijeleri boýunça Masud Pezeşkiýan ýeňiş gazandy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň saýlaw toparynyň resmi wekili Mohsen Eslami habar berdi.

Eýranyň teleýaýlymynyň hem habaryna görä, 30.530 million býulleten sanaladan soňra Masud Pezeşkiýan Eýranyň häzirki zaman taryhyndaky 9-njy Prezidenti wezipesine saýlandy.

Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşiň wekili Said Jalili gazanan sesleriniň sany 44.3 göterime deň boldy.

5-nji iýunda Eýranda nobatdan daşary prezident saýlawlarynyň 2-nji tapgyry geçirildi. Ýurtda prezident saýlawlary ozalky Prezident Seýed Ebrahim Raisiniň biwagt aradan çykmagy bilen geçirildi.
Eýranyň prezident saýlawlary üçin ses berişlik Türkmenistan döwletimizde hem guraldy.

Related posts

Yssy howa Beýik Britaniýanyň ykdysadyýetine 6 milliard dollar zyýan ýetirip biler

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy

Türkmenistan Türkiýe Respublikasyna täze Baş konsul belledi

Ata Watan Eserleri