DÜNÝÄ

Indoneziýada saýlawlar: täze prezident saýlanar

Indoneziýada ählumumy saýlawlar geçirilýär. Onuň netijesinde täze prezident, wise-prezident, okruglaryň başlyklary we gubernatorlar saýlanar, şeýle hem parlamentiň täze düzümi kesgitlener.
204 million saýlawçylar ses bermek işine gatnaşdylar.
Ses bermek işi ýerli wagta bilen 07:00-da başlap, 13:00-da tamamlandy. Saýlaw uçastoklary ýurduň birnäçe sebitlerini gurşap alan ýagyş sebäpli giç açyldy. Hususan-da, güýçli çagba we suw joşamalayr sebäpli 10 oba ýerlerinde ses bermek ýatyryldy.
Sesleri sanamak işleri alnyp barylýar we resmi netijeleriň yglan edilmegi üçin azyndan 1 aý gerek bolar.
Eger dalaşgärlerden biri 50 göterimden köp ses alyp bilmedik halatynda, prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry 26-njy iýunda geçiriler.

Ýurduň iň ýokary döwlet wezipesi üçin 3 dalaşgär bäsleşýär. Olar – häzirki goranmak ministri Prabowo Subianto, ozalky Merkezi Ýawa sebitiniň gubernatory 55 ýaşyndaky Ganjar Pranowo we Jakartanyň ozalky gubernatory Anis Baswedan.

Şol bir wagtda ýurduň täze wise-prezidentiniň ýurduň häzirki Prezidenti Joko Widodonyň ogly Gibran Rakabuming Rakanyň bolmagy mümkin.

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk