BIZNES

Türkmen-katar işewürler forumy geçiriler

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Söwda–senagat edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary Mohammed bin Ahmed Tawar Al Kuwary bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, taralar iki ýurduň arasyndaky gowy gatnaşyklaryň we giň mümkinçilikleriň bardygyny hem-de Türkmenistan bilen Kataryň dünýä energiýa bazarynda möhüm orun eýeleýändigini belläp, iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklarynyň has ösdürilmeginiň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-Katar Işewürler forumynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meseläniň üsütünde durulup geçildi.

Related posts

25 ýyldan bäri Merkezi Aziýa oba hojalyk önümlerini eksport edýär

Gaz, elektrik energiýasynda Täze Nyrhlar

vepa

Täjigistanyň ykdysady ösüşi 8,4 göterime deň boldy