MEDENIÝET

Türkmenistanyň medeniýet ministriniň Katara sapary

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow özüniň katarly kärdeşi Şeýh Abdulrahman bin Hamad Al-Tani bilen duşuşdy. Ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmegiň ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Katarda “EKSPO-2023” sergisiniň çäklerinde Gyrgyzystanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, maglumat, sport we ýa’şlar syýasaty ministri Altynbek Maksutowa hem gatnaşdy. Bu çäreler şu günler Katarda döwam edýän Aziýanyň Kubogy halkara futbol ýaryşyna bagyşlanyp geçirilýär.

Türkmenistan bilen Katar soňky döwürde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar köptaraplaýyn görnüşde hem işjeň ösdürilýär.

Aşgabat bilen Dohanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyk;ary diňe bir energeitka, ulag, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk bilen çäklenmän, eýsem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny hem öz içine alýar.

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi