TEHNOLOGIÝA

Arkadag şäherinde «Jinma» elektrik ulaglary harytlary eltip bermek hyzmatlarynda peýdalanylýar

Arkadag şäherinde «Jinma» elektrik ulaglary täjirçilik maksatlary üçin ulanylyp, durnukly ulag maksatnamasynyň amala aşyrylmagy ugrunda uly ädim boldy.

Bu ulag Gonkongda ýerleşýän «Run Horse» kompaniýasy tarapyndan öndürilen bolup, ulag daşky gurşawa az täsir edýär, onuň bilen ýaşaýjylara sargyt edilen harytlar iberilýär.

Häzirki wagtda Arkadag şäher söwda müdirliginiň ykdysady bölümi bu «Jinma» elektrik ulaglarynyň bir toparyny ulanýar. Bu ulaglar dürli iýmit önümleri we gyzgyn tagamlary eltip berýär. Mundan başga-da, bölümiň ygtyýarynda gök önümleri we zaýalanýan önümleri daşamak üçin amatly sowadyjy enjam bar.

«Jinma» elektrik ulaglary täsirli ýangyç tygşytlylygy hödürleýär. Modeliň görnüşine baglylykda, 2-3 sagadyň dowamynda doly zarýad alyp, 90-120 kilometre çenli aralygy geçmäge ukyplydyr.

Related posts

“Apple” Hytaýyň “Baidu” kompaniýasy bilen emeli intellekt boýunça hyzmatdaşlyk eder

BMW-niň söwdasy rekord derejede ösdi

“Mars”-da ilkinji uçuşyny amala aşyrar