TEHNOLOGIÝA

“Apple”-iň kemçiligini tapdy

“Apple” kompaniýasynyň kemçiligi tapan Türkiýe Respublikasynyň Mersin welaýatynyň Erdemli etrabynyň Çaýan Temele kompaniýa tarapyndan minnetdarlyk bildirildi. Oňa 1,5 lira pul möçberindäki şekilli aýdym-saz sowgat etdi.

Wagtynyň köp bölegini telefona we kompýutere sarp edýän Çaýan Temel öň hem birnäçe gezek “Apple” kompaniýasynyň kemçiliklerini tapypdy. Bu gezek bolsa tölegli esasda aýdym we kino almak, diňlemek we tomaşa etmek ýaly funksiýalaryň ýerine olary tölegsiz almagyň usulyny tapypdyr. Bu kemçiligi boýun alan we aradan aýran “Apple” munuň üçin Temele minnetdarlyk bildirip, oňa ujypsyzja sowgat berdi.

2015-nji ýyldan bäri telefon bilen gümra bolýan we her hili täzelikleri oýlap tapmaga höwesek Temel Çaýan soňky oýlap tapan usuly esasynda berlen sowgadyň örän gülkünçdigini belledi.

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar