DÜNÝÄ

Türkmen-italýan hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew Italiýa Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki ilçihanasyna bardy. Bu ýerde iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary maslahatlaşyldy. Bu barada Italiýanyň ilçihanasy habar berýär.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara kanagatlanma bildirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegi dowam etdirmek babatda ylalaşdylar.

Italiýa Türkmenistranyň daşary syýasatynda hem-de söwda-ykdysadyýetinde Ýewropa sebitinde esasy hyzmatdaşlayrnyň biridir. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda ösdürilýär. Golaýda Aşgabat-Milan ugry boýunça uçar gatnawlary ýola goýuldy.

Related posts

Ilkinji türkmen-koreý bilelikdäki kärhanasyny döretmek barada ylalaşyk gazanyldy

Ata Watan Eserleri

Wengriýanyň täze ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

YHG-niň Ministrler Geňeşiniň 25-nji mejlisiniň duşuşygy