DÜNÝÄ

Ukrainanyň Ilçisi bilen duşuşyk

2019-njy ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi W.N.Şewalýow bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň başynda daşary syýasat edaranyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezideni Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan W.N.Şewalýowa türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň sazlaşykly  ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar Türkmenistanyň we Ukrainanyň arasyndaky özarabähbitli gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar we iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem giňeldilmeginiň zerurlygyny aýratyn nygtap geçdiler.

Jenap Ilçi türkmen tarapyna ýurdumyzda özüniň diplomatik işini durmuşa geçirmekde beren hemaýat-goldawy üçin minnetdarlygyny bildirdi we türkmen halkynyň ýokary myhmansöýerligini belledi.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy