DÜNÝÄ

GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk

2019-njy ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň orunbasary – Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary S.Iwanowyň ýolbaşçylygyndaky GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna Başlyklyk etmeginiň çäklerinde çäreleriň meýilnamalaýyn durmuşa geçirilişini kanagatlanma bilen belläp geçdiler, bu bolsa öz nobatynda tutuş sebitiň ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýändir. Gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda syýasy, ykdysady, ekologiki we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi.

Öňde duran çärelere, hususan-da şu ýylyň oktýabrynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyklar aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Türkmenistanyň we Merkezi Afrika Respublikasynyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Gazagystanyň Prezidenti Hazar sammitine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Neşe serişdeler boýunça komissiýasynyň 65-nji sessiýasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri