Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbehani bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdowyň duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem kämilleşdirmegiň we özara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Myhman Türkmenistanyň hususyýetiçileriniň we önüm öndürijileriniň öndürýän harytlaryny Eýran Yslam Respublikasynyň bazarynda mahabatlandyrmak maksady bilen, “Expo Iran” atly halkara sergisine gatnaşmagyň mümkinçilikleri barada belläp geçdi.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparlarynyň mejlislerini yzygiderli geçirmek, serhetýaka welaýatlarynyň işewürleriniň arasynda çäreleri hem-de türkmen-eýran sergi we ýarmarka çärelerini bilelikde guramak hakynda özara pikir alşyldy.
