SPORT

Türkmenistanda futbol möwsümi mart aýynda başlaýar

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň konferens zalynda 2024-nji ýylyň futbol möwsümi bilen bagly maslahat ýygnagy geçirildi. Türkmenistanyň futbol çempionatyna gatnaşýan toparlaryň ýolbaşçylarydyr tälimçileriniň gatnaşmagyndaky maslahat ýygnanyşygy TFF-niň başlygynyň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetirýän Berdimyrat Nurmyradowyň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Maslahatyň dowamynda 2024-nji ýylyň futbol möwsüminiň geçiş tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gelnen netijä laýyklykda, 2024-nji ýylyň futbol möwsümi toparlarymyzyň gatnaşmagynda 4 aýlawdan ybarat bolar. Futbol möwsümini 2024-nji ýylyň mart aýynda başlamaklyk göz öňünde tutulýar.

Related posts

Rus hokkeýçi Oweçkin taryhy rekordy gaýtalady

“Barselonanyň” 9000-nji goly

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy