JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Prezidentine gynanç bildirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Prezidentine Kirman welaýatynda bolup geçen terrorçylykly wakalar üçin gynanç bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň gynanjyny ýetirdi.

Eýranyň Prezidenti özleri üçin şeýle kyn günde medet beriji sözler we goldaw üçin hoşallyk bildirdi.

Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, ýeňil senagaty, oba hojalygy we gaýtadan işleýän pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy türkmen-eýran gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä köp sanly adam pidalaryna getiren terrorçylykly hereket zerarly gynanç hatyny iberdi.

Şu agyr pursatda, partlama zerarly aradan çykanlaryň ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary