SPORT

2023-nji ýylyň sport dünýäsiniň ýyldyzlarynyň sanawy düzüldi

Norwegiýanyň “Hopper HQ” kompaniýasy 2023-nji ýylyň netijelerine görä, dünýäniň sport ýyldyzlarynyň sanawyny yglan etdi. Onuň lideri Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we Saud Arabystanyň “Al-Nasr” klubynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo boldy.

Sanawda “Maýaminiň” hüjümçisi Lionel Messi ikinji ýeri eýeledi.

Üçünji ýeri hindi kriketçisi Wirat Kohli eýeledi. Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” toparynyň hüjümçisi Neýmary dördünji orunda galdy. Bäşinji ýerde “Los Anjeles” basketbol toparynyň tügreni LeBron Jeýms boldy.

Bu möwsümde Ronaldo Saud Arabystanynyň çempionatynda 17 oýun oýnap, 19 pökgi geçirdi.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler