SPORT

Çempion bolan argentin futbolçysy “Çelsi” toparyna geçer

Angliýanyň “Çelsi” topary Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynda çempion bolan Enzo Fernandes bilen gyzyklanýar. Iňlis topary bu argentin futbolçysy üçin 127 million ýewro tölemäge taýýar.

Enzo Fernandes häzirki wagtda Portugaliýanyň “Benfika” toparynda çykyş edýär. Onuň topardan başga topara geçmegi üçin goýlan nyrh 120 million ýewrodyr.

London topary bu maliýe serişdelerini birnäçe tapgyrda tölemegi göz öňünde tutýar. Eger transfer amala aşan halatynda Enzo Fernandes hem iň gymmat satyn alnan futbolçylaryň biri bolar.

Mälim bolşy ýaly, Enzo Fernandes dünýä çempionatynyň iň güýçli ýaş futbolçy bolupdy.

IŇ GYMMAT SATYN ALNAN FUTBOLÇYLARYŇ SANAWY

1.  Neýmar– 222 million ýewro, 2017/18-nji möwsümde “Barselonadan” “PSŽ” toparyna geçdi;

2.Kilian Mbappe – 180 mln ýewro, 2018/19-njy mwsümde “Monakodan” “PSŽ” toparyna geçdi;

3. Usman Dembele– 140 mln ýewro, 2017/18-nji möwsümde “Borussiýadan” “Barselona” toparyna geçdi;

4. Filippe Koutinýo – 135 mln ýewro, 2017/18-nji möwsümde “Liwerpuldan” “Barselona” geçdi;

5. Žoau Feliks  – 127,2 mln ýewro, 2019/20-nji möwsümde “Benfikadan” “Atletiko” toparyna geçdi;

6. Enzo Fernandes – 127 mln ýewro, 2022/23-nji möwsüm “Benfikadan” “Çelsi” toparyna geçer. 

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy