SPORT

Italiýaly derwezeçi Donnarumma «Mançester Siti» klubyna geçýär

Italiýaly derwezeçi Janluiji Donnarumma Angliýanyň «Mançester Siti» klubyna geçmek barada ylalaşyga geldi. Bu barada fransuz gazeti “L’Equipe” habar berýär.

Maglumat çeşmesine görä, italiýaly derwezeçi «Mançester Siti» klubunyň baş tälimçisi Hosep Gwardiola bilen gepleşik geçirip, şertnama baglaşmaga razy boldy. 12-nji awgustda Donnarumma 2021-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýän Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» klubundan gidýändigini resmi taýdan yglan etdi.

Donnarumma barada maglumat
26 ýaşly derwezeçi «PSŽ» bilen dört gezek Fransiýanyň çempiony, iki gezek ýurduň kubogynyň eýesi boldy, geçen möwsümde bolsa topary bilen Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Italiýa milli ýygyndysynyň düzüminde 2021-nji ýylda Ýewropanyň çempiony boldy. 2024/25-nji  möwsüminde Donnarumma «PSŽ» üçin 47 oýna çykyp, şonuň 17-sinde derwezesinden gol geçirtmedi.

Ýene-de okaň

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy

“Akylly” şäherde futbol bäsleşigi

Saud topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy