2023-nji ýyl tamamlanyp, 2024 ýyla gadam basmaga taýýarlyk görülýän döwürde Täze ýyl baýramçylygynyň şowhuny has-da artýar. Ýurdumyzda däp bolşy ýaly, Baş arça paýtagtymyz Aşgabatdaky “Älem” medeni we dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylar. Şu gezekki Baş arçamyzyň beýikligi 44 metr bolup, diamteri 16 metre deňdir.
Halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, bu arçany bezemek üçin 4 müň oýunjak we 55 müň dürli reňkdäki yşyklar ulanyldy. Arçanyň çür depesinde bolsa, Täze ýyly alamatlandyrýan 2024 ýazgysy ýerleşdirildi.
Täze ýyl baýramçylygynyň geçirilýän merkezine dürli monitorlar oturdylyp, ol ýerde sanly ulgam arkaly dürli şekiller görkeziler.
Şeýle hem meýdançada çagalaryň söýgüli ertekileriniň gahrymanlaryny alamatlandyrýan heýkeller oturdyldy. Mundan başga-da, meýdançada Täze ýyl mynasybetli söwda ýarmarkays guralýar.
Şu gün ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy guralar.