SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

XI Türkmen-german lukmançylyk forumy geçirilýär

Türkmenistanyň Saglygy soraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan sanly ulgam arkaly guralýan iki günlük XI Türkmen-german lukmançylyk forumy öz işine başlady.

Şu gezekki ikitaraplaýyn duşuşyga sanly ulgam arkaly GFR-iň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary we lukmanlary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary, paýtagtymyzyň ylmy-kliniki merkezleriniň, welaýat saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar.

Duşuşykda dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we bejermek, gaýragoýulmasyz kömek, onkologiýa, trawmatologiýa, ortopediýa ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, ylym ulgamyna dünýä lukmançylygynyň gazananlaryny işjeň ornaşdyrmak ileri tutulyp, abraýly halkara guramalar we daşary ýurtlaryň iri lukmançylyk merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen GFR-iň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Maksimilian Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýene-de okaň

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy