SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Sputnik V” sanjymyny bellige alan 70-nji ýurt

Russiýanyň alymlarynyň koronawirus ýokanjyna garşy işläp düzen “Sputnik V” sanjymyny bellige alan 70-nji ýurt Indoneziýa boldy. Bu barada Russiýanyň göni maýa goýum gaznasy habar berdi.

– Russiýanyň göni maýa goýum gaznasy Indoneziýa Respublikasynda “Sputnik V” koronawirusyna garşy sanjymyň hasaba alnandygyny habar berýär. Indoneziýa “Sputnik V” sanjymynyň ulanylmagyny tassyklaýan 70-nji döwlet boldy. Bellige alyş adatdan daşary ýagdaý ygtyýarnamasynyň (EUA) çäginde geçirildi – diýlip, Russiýanyň göni maýa goýum gaznasynyň metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Şeýlelikde, “Sputnik V” sanjymyny bellige alan ýurtlaryň umumy ilaty 4 milliard adama deň boldy.

“Sputnik V” sanjymyny bellige alan ýurtlaryň hatarynda Türkmenistan, Argentina, San-Marino, Serbiýa, Bahreýn, Meksika, BAE we beýleki ýurtlar bar.

“Sputnik V” iň ygtybarly we täsirli koronawirus sanjymlaryndan biridir. “Sputnik V” döwletler tarapyndan bellige alnan sanjymlaryň hatarynda dünýäde ikinji ýerde durýar.

 

ABŞ-dan dünýä ýurtlaryna mugt sanjym

Related posts

Bir döwlet Haj zyýaratyndan çekildi

“GeoSKY” awiakompaniýasy Türkmenabadyň howa menziliniň hyzmatyndan peýdalanar

Ata Watan Eserleri

Daşary ýurtly türgenlere mugt sanjym ediler

Ata Watan Eserleri