DÜNÝÄ

Putin Saud Arabystanyda we BAE-de saparda bolar

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 6-njy dekabrda Birleşen Arap Emirliklerinde we Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow habar berdi.

Onuň habar bermegine görä, Putin bir günüň dowamynda bu iki ýurtda saparda bolar. Soňky gezek Putin bu ýurtlarda 2019-njy ýylda saparda bolupdy.

Saparyň gün tertibinde esasan hem nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň boljakdygy bellenildi.

Related posts

66 million ýaşly galyndy

Ýakyn wagtda TOPH boýunça ylalaşyklara gol çekiler

“Öýde ýeke özi”: Kewiniň ejesi aradan çykdy