JEMGYÝET

Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasary Türkmenistana gelýär

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda saparda bolar. Bu barada “Anadoly” habarlar gullugy habar berýär.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Jewdet Ýylmaz türkmen paýtagtynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk hökümetara toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşar.

Şeýle hem türkiýe myhman Türkiýäniň Palatalar we Biržalar birleşmesiniň hem-de DEIK guramasynyň ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeginde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda geçiriljek Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşar.

Şeýle hem bu saparyň çäklerinde geçiriljek  türkmen-türk hökümetara toparynyň 7-nji mejlisiniň teswirnamasyna gol çekiler. Mundan başga-da, türkmen-türk işewürler forumy geçiriler.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Jewdet Ýylmaz Arkadag şäherine hem-de Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp görer.

Related posts

Türkmenistan 2024-nji ýylda gadymy Samarkant şäherini GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy goldaýar

Awaza etrabyna täze häkim bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Aleksandr bagyndaky näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri