JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň halk gahrymanlaryny hatyralady

Şu gün irden iri halkara çärelere gatnaşmak, şeýle-de doganlyk ýurda ilkinji döwlet saparyny amala aşyrmak maksady bilen Gazagystanda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde ýerleşýän Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu ýerde Astana şäheriniň häkimi döwlet Baştutanymyzyň ýanynda boldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berdi.

«Watan goragçylary» meýdançasynda ýerleşýän ýadygärligiň etegine gül dessesini goýup, döwlet Baştutanymyz Gazagystanyň halk gahrymanlaryny hatyralady.

Gazagystanda ýaşaýan ähli halklaryň jebisligini alamatlandyrýan Watan goragçylarynyň ýadygärligi 2001-nji ýylda açyldy. Esasy meýdançadaky suw çüwdürimleri, barelýeflerdäki batyrgaý keşpler, ýas tutýan enäniň heýkeli we «Baky ot» halkyň edermenligini ýada salýar. Gazagystana sapar bilen barýan daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň bu ýadygärlige gül desselerini goýmaklary asylly däbe öwrüldi.

Halk gahrymanlaryny hatyralamakdan soňra, «Akorda» köşgünde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy bolar. Bu ýerde Türkmenistanyň we Gazagystanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikiçäk hem-de giňişleýin düzümde türkmen-gazak gepleşikleri geçiriler. Ýokary derejeli duşuşygyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalar toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.

Related posts

Iň gadymy aýakyzlary tapyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Maýsa Pardaýewa hytaýly türgeni “ippon” bilen ýeňdi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment