SPORT

Futbola täze düzgünler giriziler

Dünýäde köp sanly janköýeri bolan sportuň futbol görnüşine käbir düzgünler girizmek göz öňünde tutulýar. Täze düzgünler esasan hem futbol duşuşyklarynda eminleri goramak maksady bilen giriziler.

Umuman, futbol duşuşyklarda eminler futbolçylar tarapyndan dürli ýazgarmalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şonuň üçin Halkara futbol assosiasiýalary geňeşi ýene-de iki hepdeden London şäherinde iş duşuşygyny geçirer we şonda nädogry hereket edýän futbolçylara beriljek jerimeler ara alnyp maslahatlaşylar.

2019-njy ýylda Angliýanyň höwesjeňler we ýaşlar futbol ligalarynda “sin-bin” atly synag düzgüni girizildi. Bu düzgüne görä, eger eminiň çykaran netijesi bilen ylalaşman, nädogry hereket edýän futbolçy 10 minutlyk meýdançadan çykarylýar.

Bu düzgüni porfessional futbola hem girizmek babatda pikir alşylar. Şeýle hem degişli çözgütler kabul edilen halatynda, eminler bilen diňe toparyň kapitanyna gürleşmäge rugsat berler. Şeýle düzgün regbide bar.

“The Times” neşiriniň habaryna görä, Angliýanyň “Premýer liga” futbol çempionatynda eminleriň çykaran netijesine garşylyk bildirilendigi üçin 88 sany sary duýduryş karty görkezildi.

Ýene-de okaň

«Mançester Siti» topary Angliýanyň Kubogyny gazandy

Türkmen ýygyndysy türki döwletleriň arasyndaky birinji küşt olimpiadasyna gatnaşýar

“Inter” topary 10-njy gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldonyň çempionlygyna 1 duşuşyk galdy

Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň topary bilen ýewrokuboklara dolanýar