DÜNÝÄ

Türkmenistan-BAE: söwda gatnaşyklary ösdürilýär

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Al Hameli ýurduň baş baýramy – BAE-niň Milli gününiň 52 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik dabarasyny gurnady. Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri we köp sanly myhmanlara gatnaşdy. “Atavatan Türkmenıstan” halkara žurnalynyň döredijilik topary hem çagyryldy.

BAE-niň ilçisi Ahmed Alhaý Al Hameli myhmanlary myhmanhananyň mejlisler zalynyň foýesinde garşylady. Şeýle hem bu ýerde BAE-niň milli gymmatlyklarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy we BAE-niň milli tans toparynyň çykyşlary gurnaldy.

Ilçi Ahmed Alhaý Al Hameli dabarada eden çykyşynda BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ösdürilýändigini belledi. Ol söwda gatnaşyklara barada aýdyp, 2022-nji ýylda 1 milliard 300 million dollara (nebit däl söwda) barabar bolup, bu ugurda 49 göterimlik ösüş gazanylandygyny aýtdy.

Şeýle hem ilçi ýakyn ýyllarda bu görkezijini 2 esse artdyrmagy maksat edinýändiklerini belläp, iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki saparlaryň yzygiderli gurnalýandygy mälim etdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti 2022-nji ýylyň noýabrynda, türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýylyň fewralynda BAE-de saparda boldular.

Ilçi ýakynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli geňeşiniň agzasy, «Hidaýah» zorlukly ekstremizme garşy Halkara merkeziniň direktorlar geňeşiniň başlygy Ali Raşid Al-Nuaýminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Aşgabatda saparda bolandygyny belledi.

Şeýle hem BAE-niň ilçisi ylym-bilim we sport ulgamynda hem hyzmatdaşlyklaryň ösdürilýändigini belläp geçip, BAE-niň Anwar Gargaş adyndaky diplomatik akademiýasynyň wekiliýetiniň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Türkmen-emirlikler” kitaphanasyny açandyklaryny mälim etdi.

Mundan başga-da, BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň BAE saparyny gurnandygyny we bu saparyň iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň berkemegine oňyn goşandyny goşandygy bellenildi. Şeýle hem ilçihana Anwar Gargaş adyndaky diplomatik akademiýasynda ýaş diplomatlar maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistandan 10 talybyň bilimini kämilleşdirmegine goldaw berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bolsa, öz çykyşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejede alnyp barylýandygyny belledi. Türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň BAE amala aşyran saparynda gol çekilen ylalaşyklardan soňra BAE-niň iri kompaniýalarynyň Türkmenistana gyzyklanmasynyň artandygyny belläp geçdi.

Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary bilen bir hatarda medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklaryň hem yzygiderli ösdürilýändigi aýdyldy.

Ýene-de okaň

Owganystan 39 ilçihanasynyň işini ýola goýdy

Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň direktorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasy hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri Rumyniýada tanyşdyryldy

Russiýanyň daşary işler ministri Hazarýaka döwletleriň ilçileri bilen duşuşdy