HEKAÝALAR

Kölegeler daban  astynda  gizlenýärler

                                                                           Hekaýa

Bu gamly wakanyň çözgüdini obamyz entegem çözüp bilenok. Men-ä ol hiç haçanam çözülmez öýdüp gorkýan. Sebäp ol inçe onda-da, juda inçe ýörelgeler bilen bagly.

Adatça şeýle gamly waka bilen baglanyşykly söýgini küt-küt kitaplarda ýazýarlar. Ony okasaň ýüregiň hasratdan dolýar. Ýöne onda-da okasyň gelýär. Meniň aýtjak bolýanym düýbünden başga zat. Muny bilýän sanlyja adam onsoňam kiçijik gum obasy. Hemem Ýerbendiň gamgyn ýelleri.

***

Üpük mergen bilen Ogullanyň söýgüsi kagyza siňdirilýän söýgülerden has ýokary. Ol uzaklarda, onda-da gaty uzaklarda galan, biziň bir döwürler okap pikire batýan köneki söýgülerimize çalym edýär. Onuň şeýledigini elýetmez asmanyň soltany bürgüt guşlar hemem ýumşaksy sähralar bilýär.

Men muňa — obamyzda şeýle elýetmez söýginiň ýaşap ýörenine oglan ýüregim bilen begenýän. Hemem ony özümdenem gabanýan. Gülsün eje-de men ýaly. Olam, gözden-dilden gorkansoň hemişe Ogullany goraglap gezýä. Şonuň üçin ol, Ogulla goňşy obalaryň birine toýa beýlekä gitmekçi bolaýsa, adamlaryň gözleri eglenmez ýaly ýüzüne gazanyň garasyny sürtýär. Täze eşik deregine-de, Ogulla düşümli görünýän , şonuň üçinem hemişe egninden çykarman ýören gök köýnegine derek, ýaramazja soýkasyny geýdirýär.

Ýöne Ogulla näme geýse-de, onuň şol öňki Ogullalygy. Oňa sähralar bermeli zadyny gysganman beripdir.

Obamyzyň adamlary Ogullany görende bişeýkel günleriň, şowsuzlyklaryň iň soňkusyny başyndan geçirýän, mundan beýläk diňe göwün isleglerine görä ýaşap başlajaklaryna begenýän ýaly begenýärler. Ogullada hemme kişiniň köpden bäri garaşyp oturan zerur zadyny alyp gelýän ýaly gaşlaryny gerýärdi. Bu zatlaryň hemmesi meniň oglan gözlerimiň öňünde bolup geçýärdi. Şonuň üçin häzir Ogulla bir üýtgeşik, söz aýdaýsa ýeke obamyz däl, çaýkanyp duran uly dünýäde üýtgäýjek ýaly bolýardy.

Onsoň adamlar şeýle gözel gyzyň öz obamyzda dörändigine begenerdiler. Hemem şol gözelligiň ýene obamyza siňmegini dilärdiler. Bu dogrudy. Sebäp hemme kişi owadan zatlary görmeli. Adam şonda ýaşaýar.

Käte özi hakda magtalýan sözleri Ogullanyň özem eşiderdi. Şonda ol gyz uýaljaňlygy bilen ýeňini dişlärdi. Bu meniň oglantak günlerimiň iň ajaýybydy. Men ony häzir ýadyma salan mahalymda özümiň biderek ýaşamandygyma, azajygam bolsa gowy zatlary görendigime begenýärin.

Ýeke obamyzyň adamlary däl, garry köpek Baltakdyr Kümüşguýrugam Ogullany görenlerinde bir üýtgärdiler. Janawar Kümüşguýruk gartaşanlygy sebäplimi nämemi özüniň bir wagtky şuglasynyň öçüşip barýanyna kemsinýän ýaly, ol uzak wagtlap agras nazaryny gyza dikerdi. Obamyzyň adamlary onuň bu bolşuny synlap şeý diýerdiler.

— Owadanlyk geçmişini ýatladýandyr…

Munuň dogry bolmagy ahmaldy.

Baltagam tüýi düşen guýrugyny bulaýlap, setmüň yzyň içinden Ogullanyň ak çägeleriň ýüzünde galdyryp giden aýak yzyny tapyp ony gorardy. Soňam Ýerbendiň gamgyn ýelleri ony pozýança gapdalynda ýassanyp ýatardy. Bu görnüş adamlary begendirerdi. Şonuň ýalam oýlandyrardy. Akyllyrak adamlar bolsa, geplemän şeý diýerdi.

— Gyzy näme garşy alarka…

Men bu sözden gorkýadym.

***

Şeýle sahypjemal gum gyzynyň maňlaýyna Üpük mergeniň çykanyna men begenýärdim hemem juwanlygyň köp dürli islegleriniň içinde basyrganýan ýaly ýaşaýşy başymdan geçirýärdim. Bu duýgy düşnüksizem bolsa ýakymlydy.

Üpük mergenem nazarkerde ýigit. Ýöne burnunyň deşikleri birneme giňräk. Aty köp münensoň ýörände aýagynam gowkardyp basýa. Ýöne gum ýigidine mahsus bolan ähli häsiýet onda jemlenen. Şonuň üçin häli-häzirlerem obamyz gürrüň edip çynjasyny aýtsalar şeý diýýär.

— Üpük mergeniň bar ýerinde dogan hökman däl. Ol bar kişä dogan…

Men muňa Ogullany görüp begenşimden beter begenýän.

***

Ogulladyr Üpük mergeniň toý gününiň öňsyrasy, ilki sähralaryň sary saçagynda gara bulutlaryň kölegesi syrylyp başlady. Soňam gazak gyrlarynyň üstünden güýçli ýel öwüsdi. Iň soňunda-da, däliniň gülküsi ýaly sähralardan ses eşidildi.

Gelinlik Ogullany öňküdenem owadan edip görkezdi. Hasam gyzyl kürtedir ýaşyl ýaşmak ony gelşige getirdi. Ýaşmak astyndan çykýan pyşyrdylar bolsa Üpük mergeniň ýyllaryň dowamynda garaşan bagtydy.

Soň näme boldy?

Soňmy…

Ogulla guýa suw almaga gidende sowsany köýneginiň öň eteginiň birneme gallygýandygy bilindi. Bu begenç öňki begençleriň çürbaşysy boldy. Basym pişme bişirildi. Obamyzyň ýene bir adamsy artdy. Gyzjagaz, özem agynjak Ogullanyň özi. Gör-ä bi şeýtanjygy, dünýäniň ýaňy gyrasyndan girenligine garamazdan, nägilelik bildirip çyr-çyr aglaýar. Muňa biz obamyz bolup gülüşdik. Bu panynyň ýörelgesi, geleňde gülüp garşy alynýar, gidende aglap ýola salynýar.

Gyzjagazyň adyna Nonat dakyldy. Bu Üpük mergeniň ejesiniň ady. Meniň kir-kimirsiz kalbyma ýeke obamyz däl, dünýede owadanlaşan ýalydy. Hasam Ogullanyň bäbejigini ýanap emdirýän mahaly. Bu görnüşi meniň gözümiň öňünde müdimilik galypdyr. Häli-häzirlerem gözümi ýumsam ilki gum depeleri, soňam obamyz onsoňam bäbejigiň sokjap ýatan keşbi janlanýar. Bu sähelçejik pursat meniň üçin uly ömür ýaly entegem hakydamda ýaşap ýör.

Şeýdip biz ertirki günüň şu günki günden has gowy boljagyna ynanyp ýaşap başladyk. Dünýe ümsümdi. Ogullada ýüreginde bütin dünýäni birleşdirip bilýän güýçli sözi göterip ýören ýaly bagtyýardy. Muny obamyz bilýärdi. Hemem Ogullalaň öýünde ýene bir bäbejigiň — ogul bäbejigiň bolmagyny arzuw edýärdi. Sebäp hemişeler hemmelere hossar çykýan ogly Ogulla ýaly gelinler dünýä berer ekenler.

Eger Ogullanyň ebedilik ýesir alnan zenan ýüreginde ünji döremedik bolsa, obamyz entegem gizlin arzuwyna garaşar ýörerdi. Ýöne göz boldumy, dil boldumy bilmedim…

***

Obamyzyň şeýle joşgunly ýaşaýşynda gamgyn ýüzi görmek geňdi. Ol sende birhili kemsinmek ýaly hasraty döredýärdi. Ýöne bu hasrat bahym hemmäniň ýüregine ornaşdy. Hiç kim hiç zat hakda geplänokdy. Asla gepläbem boljak däldi. Bu okalmadyk elkyssa gaty uzaklary tozadýardy. Uzaklyklar bolsa gaty inçedi. Kelläňde göterip ýören telpeginden has agyrrakdy. Şonuň üçin obamyz etmişli ýaly diňe gijelerine gepleşýärdiler. Özem pyşyrdy bilen. Pyşyrdylar ýuwaşadygyça  şonçada ýüregiň howsalasy artýardy.

Bahym bar zat aýan boldy. Är-aýal nahary öňlerine alanda, sallançakda ýatan bäbejik aglaýar. Ogullada ony gujagyna alyp emdirip başlaýar. Süýtden doýan gudumanja çaga, emmäni silkeläp agzyndan aýyrýar weli, seçelenen süýdüň ýekeje damjasy nahara damýar. Onam Üpük mergen bilmän owurtlaýar. Inçeden-inçe ýörelgelerde, ýazgylar beýle hata geçirimlik etmeýär. Enäniň süýdüni datdyňmy? Indi ol seň ýanýoldaşyň däl. — Ejeň… Näme üçin onuň beýleligi hiç kime aýan däldi. Ýöne köne ýazgylardaky inçe ýörelgeler şeýle gürleýärdi. Bu hakynda obamyzda kän gürrüň edildi.

— Gün-ä eden çaga bolsa…

— O nähili beýe bolýar…

— Onsoňam ol, atdanlykda bolan zada…

Şol günden başlabam bujurygy çykan günleriň bujagy çözülen ýaly boldy. Gürrüň oturlan-turlan ýerde edilýärdi. Ýöne çözülip barýan zat ýokdy. Bu has erbedidi. Sebäp ol uzaga çekýädi. Ýeke damja süýt — bütin dünýäni ekläphemmeleriň emip kemala gelen ene süýdi häzir nämälim zada — adamyny ejirli gurban etmek ýaly bir zada öwrülipdi. Ogulla bolsa ýaşaýşy enäniň çuň howsaladan hem hasratdan doly ýüregi bilen söýýärdi. Onda entejikler, tä ajal sabyr eýleýänçä söýüp-söýlüp ýaşasy gelýärdi. Şonuň üçin onuň ýüregi — özüniň iň ýakyn adamsyny ýitirýän ýürek terezä öwrülipdi:

Haýsysyny saýlamaly?

— Inçe ýörelgelerdäki ýazgylarmy… Ýa ýanýoldaş…

Bu sowal beriljek jogapdan agyrdy. Ol takdyr bilen bäsleşýärdi. Bu adamynyň ugruny ýitirdýän ýowuzdanam ýowuz zatdy.

— Onda näme etmeli, heý muň çykalgasy ýokmuka?..

Şeýdip biz bişeýkel günler bilen ýaşap başladyk. Hemme zat barada ahyryna çenli aýdylyp-aýdylmasa-da düşnüklidi. Akyly ýetip duran adamlaryň gözüniň alnynda bolup geçen agyr taryh tutuş obany pikirlendirýärdi. Küren oba bolup çözgüt tapyp bolmaýanlygy öňküdenem beter pikire çümdürýärdi.

Ogulla-da indi geplemezek boldy. Nämedir bir zada garaşýan ýaly geň nazar bilen hasrat ümeziniň aňyrsyndan seretmäge başlady. Ol meni görende dalda isleýän ýaly, ýalbaryjy nazaryny dikýärdi. Bir wagtky mylaýym hem yzgytsyz bolup bilýän owadan gözler, kalbymda hasratly pikirleri, ýürek howsalaly, syrly duýgulary döredýärdi. Men ony kalbymyň çuň ýerinde saklap, hiç kimiň görmejek ýerinde çynym bilen aglaýardym. Hemem tüýs oglan ýüregim bilen Ogullanyň nesibesine şeýle ýowuzlygyň duçar bolanyna gynanýardym.

Üpük mergeniň ýagdaýam ondan gowy däldi. Olam hiç kimiň çözüp bilmeýän zadyny sözsüz soraýan ýaly hemmeleriň ýüzüne seredýärdi. Köplenjem ol kimdir birine garaşýan kysmy hiç haçan ýetip bolmajak alysdaky asmana garaýardy. Şonda onuň ýüzinde nähilidir bir gadymy zat saklanyp galan ýaly bolýardy.

Olar biri-biri bilenem az gürleşýärdiler. Bardy-geldi gürleşäýselerem gürrüňleri lapykeçlikden hesretden doludy. Men şeýle gürrüňlerden gaty gorkýardym. Sebäp köpiräk gepläýseler, öňki mylaýym sesler, zähere batyrylyp çykaýjak ýalydy.

Şeýdip biz tegelek dört ýyly geçirdik. Çözgüt çözülmese-de ýaralar könelişiberipdi. Indi ony kän bir ýatlap duranam ýokdy. Diňe Gülsün eje namazynyň soňunda, uzak sürelerden soň ýakasyna tüýkürip, üç ýola toba diýerdi. Soňam ol namazlykdan turman elini agzyna ýetirip esli oturardy. Men şonda ol şol bolup geçen wakany ýatlaýandyr öýderdim.

Ýöne Nonatjyga dil çykmagy bilen ýene köne ýaraň ýüzi dyrmalanyp başlady. Indi ol her gün diýen ýaly, özüniň çaga dili bilen şo bir gaýtalaýan sözüni gaýtalaýardy.

— Eje ogul bäbek alaýaly-la…

Bu sözi eşitmek örän çetindi. Her gezek şeýle söz aýdylanda är-aýal bir-biriniň ýüzüne-de seretmän turmak bilen bolýardy. Nonatjyk bolsa şo sözi bolmanda günde iki-üç ýola gaýtalaýardy. Bu çaga gudumanlygy däl-de, özelenmä meňzeş ýalbarmady. Çaga ýüreginiň süýji arzuwydy. Ýöne ol dükandan täze tigir alyp ber diýenokdy.

Nonatjygyň çaga ýüregi bilen ýalbarşyny görende, öňki çekilen jebirler witjik bolup galypdy. Olar uly adamlar, takdyryň oýny ýowuzam bolsa akyllary ýetýärdi. Düşünýärdiler. Bu çaga. Oňa düşündirip bolanok. Bu iň erbedidi. Ýöne alajyňam ýokdy.

Bir günem ol maňa şeýle sözler bilen ýüzlendi.

— Öwekge, biz bahym jigi alýas, özem oglanjyk. Sygyrymyzam bahym guzlajak. Onsoň, men jigim bilen bile gaýmak ýalaryn. Jigim «bolýa» diýse saňada ýaladarys…

Meniň ýüregim jigläp gitdi.

Sen çaga bol, uly bol, dünýede ýaşajak bolsaň ýüregiňi razy edýän bir güýmenje tapmaly. Nonatjygam öz çaga ýüregini razy edýän uly güýmenje tapdy. Indi ol daşyna köne esgi oralan agajy – jigisini aýagynda ýatyryp allalaýardy. Ses näzikden ezizdi.  Ýöne köne aýdymlaryň heňi ýaly ýüregiňe dökülýärdi.

“Meniň jigim ýatypdyr”…

Ol käte «jigisini» eýlesine agdarýardy, käte-de beýlesine. Kätede ol jigisi bilen bile uklap galýardy. Men şonda onuň düýşünde begenip gülýänini görüp begenerdim. Hemem şo gün uzakly gün begenip gezerdim.

“Adam bolmanda düýşünde begenýär”.

Käte bolsa düýşünde aglap, hasanaklap turardy-da, ilki «jigisiniň» ýatan ýerine serederdi. Onuň ýatanyny görübem ýene çaga ukusyna giderdi.

Men onuň ýatanyna begenýärdim. Ulalansoň adam ýatyp bilmeýär…

                                                            ***

Men indi her gün Gülsün ejäniň ýakasyny tutup toba edýän sesini eşidýärdim.

Men indi Nonatjygyň çaga ýüreginden syzylyp çykýan gamgyn ýöne düşnükli hüwdüsini diňleýärdim.

Men indi her gün özüme-de düşnüksiz bolan oglantak kalbymyň heserli agysyna aglaýardym.

***

Obamyzyň ýoly keserägem bolsa ötegçi köp ötýär. Öten agşam gözleri derwüşiňki ýaly süzülip duran takwa adam öten-geçenler barada köp gürrüň etdi. Daňa golaý turjak bolanda-da, ýadaw dünýäniň ýüzüne seredip şeý diýdi.

— Uly dünýäniň sowallarynyň hemmesi mukaddes kitaplaryň birinde ýazylandyr…

Şol gije men ýatmadym.

                                                                                         Öwezmyrat ÝERBENDI.  

 

Ýene-de okaň

Ýazyň gyşa öwrülen güni

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)