Merkezi Aziýa döwletleri Günorta Koreýanyň tehniki ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalarynyň açylmagyna gyzyklanma bildirýär. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleu Aşgabatda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň Daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisinde eden çykyşynda belläp geçdi.
“Kazinform” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Koeýa Respublikasynyň tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalarynyň açylmagyna gyzyklanma bildirýändiklerini belledi. Ol bu babatda Seulyň ylym we tehnologiýa milli uniwersitetiniň şahamçasy hökmünde Gyzylorda şäherinde Emeli aň we informatika mekdebini açmak başlangyjyny goldap, şeýle işleriň giňeldilmegini teklip etdi.
Gazagystanyň ministri şeýle bilim edaralarynyň Merkezi Aziýa ýurtlayrynyň talyplaryna täze tehniki ugurlary özleşdirmegine mümkinçilik döretjekdigini belledi. Bu ugurda Koreýa Respublikasynyň hökümetiniň goldawyna ynam bildirýändiklerini mälim etdi.
– – Umuman alanyňda, Merkezi Aziýa sebitinde geljekki nesliň täzeçil tehnologiýalary we elektron söwda ýaly ugurlary özleşdirmegi üçin ähli mümkinçilikler bar. Günorta Koreýanyň tejribesini göz öňünde tutup, bu ugurda bilelikdäki hünärmen platformasyny döretmegi teklip edýärin – gazak ministri belledi.
