Türkmenistanyñ Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriṣ sungatynyñ sergi merkezi, Türkmenistanyñ Suratkeṣler birleṣigi bilen bilelikde birleṣigiñ agzalary suratkeṣ Babageldi Hojagulyýewiñ 70 ýaṣynyñ dolmagy mynasybetli hem-de suratkeṣ Baýramgeldi Kakabaýewiñ ṣahsy amaly-haṣam eserlerinden ybarat bolan döredijilik sergi gurnalyp, olaryñ eserleri halk köpçüligine ýetirildi.
Eserleriñ köp bölegi oba durmuṣy, pagtaçylyk meýdany, türkmen toýlary, maṣgala durmuṣy bilen bagly bolup, täsin reñk öwüṣgünleri bilen synlanlarda aýratyn täsir goýdy.
Babageldi Hojagulyýewiñ amaly-haṣam eserlerinden “Gelin gelýär”, “Gumlular”, “Dynç güni”, “Pagtaçylar”, “Göz dañdy”, “Oglanlar” ṣeýle hem suratkeṣ Baýramgeldi Kakabaýewiñ “Bagṣylar”, “At çapyṣyk”, Gelniñ bezelṣi”, “Güzerde”, “Kejebe”, “Oba säheri”, “Pagta meýdany” ýaly millilige ýugrulan, sungatyñ ajaýyp dünýäsini beýan edýän suratlar täsin gözelligi emele getirdiler.
Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyṣy döwrüniñ Arkadag Serdarly bagtyýar ýaṣlar ýyly diýlip yglan edilen ýylynda döredijilik intelligensiýasynyñ wekillerinden, mugallymlardan hem-de talyp ýaṣlardan ybarat bolan sergi jaýy özboluṣly öwüṣgine eýe boldy.
Bägül Kakalyýewa,
Türkmenistanyñ Daṣary iṣler ministrliginiñ
Halkara gatnaṣyklary institutynyñ talyby.