MEDENIÝET

“Ata Watan” media topary Amerikadaky Türkmenistanyň günlerine gatnaşýar

Şu ýylyň 23-24-nji oktýabrda ABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Medeniýet günleri geçiriler. ABŞ-daky Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çärelerini “Ata Watan” media topary bolup, öz ýerinde ýazgy edip, okyjylar köpçüligine ýetireris.

Toparyň düzüminde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň, muzeý we kitaphananyň işgärleri, drama teatrlaryň artistleri, aýdymçylar we «Dokmaçylar», «Aşgabat», «Ahal öwüşginleri» tans, folklor we etnografik toparlary bar.

Medeni çäräniň dowamynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň we döredijilik toparlarynyň konsertleri geçiriler. Bu çärede amerikan tomaşaçylaryna türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti we däp-dessurlary görkeziler, şeýle hem muzeý gymmatlyklarynyň sergileri guralar, lybaslar we halylar, neşir önümleri görkeziler, türkmen-amerikan medeni duşuşyklary geçiriler.

Albukerke şäherinde ýerleşýän Nýu-Meksiko uniwersitetinde beýik şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçiriler.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy