Şu gün “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwalyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Bozdag Film» kinokompaniýasynyň esaslandyryjysy Mehmet Bozdag, kino ýyldyzlary – Burak Özçiwit, Özjan Çagry Şensoý, Fatih Aýhan, Ýigit Uçan, Murat Bonjukçu Aşgabat şäheriniň owadan ýerlerine aýlanyp gördüler. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.
Myhmanlar “Aşgabat” söwda-ynç alyş merkezi baryp gördüler. Soňra olar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna bardylar we bu ýerde türk myhmanlaryna türkmen halkynyň taryhy şahsyýetleri Oguz hanyň hem-de Magtynguly Pyragynyň durmuşy barada gürrüň berildi.
Şeýle hem türk myhmanlary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýine baryp gördüler. Bu ýerde olara türkmen halkynyň milli baýlygy bolan türkmen halylary görkezildi. Gezelenjiň ahyrynda myhmanlar muzeýiň hormat kitabyna ýadygärlik ýazgylaryny ýazdylar.
Mundan başga-da, günüň ikinji ýarymynda myhmanlara Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, ahalteke atlarynyň gatnaşmagynda at çapyşyklaryny synladylar. At çapyşyklaryndan soňra myhmanlara ahalteke atlarynyň milli şaý-sepleri barada sergi görkezildi.