MEDENIÝET

Änew şäherinde geljek ýylda “Gorkut Ata” kinofestiwaly geçiriler

“Arkadagyň säheri” kinofestiwalyň jemleýji gününde ýeňijileri sylaglamak dabarasynyň dowamynda gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, geljek ýylda bu şäherde “Gorkut Ata” kinofestiwaly geçiriljekdigi aýdyldy.

Sahna Türkmenistana türki dünýäniň III kinofestiwalynda berlen hem-de “Gorkut Ata” festiwalynyň nyşany bolan “Durna” heýkeljigi çykaryldy, ony ýurdumyz geljek ýyl ýeňşe mynasyp bolana gowşurar.

Related posts

Howa maglumaty: 23-29-njy ýanwar aralygy

Gyrgyz Respublikasynda “Pyragy” atly oýun görkezildi

15-nji awgustdaky howa maglumaty