JEMGYÝET

Türkiýe Respublikasynyň Respublika güni Aşgabatda bellendi

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 101 ýyllygy hem-de Respublika gününiň baýramçylygy paýtagtymyz Aşgabatda bellendi. Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirokyň gatnaşmagynda kabul edilşik dabarasy guraldy. “Ata Watan Media” toparynyň hem çagyrylan kabul edişlik çäresi ilçihananyň kabulhanasynda geçirildi.

Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew doganlyk türk halkyny Respublika güni bilen gutlady.

Ilçi Ahmet Demirok öz çykyşynda çäre gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirdi we gutlag sözlerini beýan etdi. Şeýle hem  Respublik güni mynasybetli Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň 29-njy oktýabrda iberen Gutlagyny okady. Çäre myhmanlara türk aşhanasynyň milli tagamlarynyň hödür edilmegi bilen tamamlandy.

Mälim bolşy ýaly, şu gün ilçi Ahmet Demirok türkmen metbugatynda beren beýanatynda belläp geçişi ýaly,  Türkiýe Respublikasy doganlyk döwletleri bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar eden Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini goldaýar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. 2023-nji ýylda söwda dolanyşygy 2.6 milliard dollara deň boldy. 2024-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ikitaraplaýyn söwda 1.532 milliard dollara ýetip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16 göterim köpdür.

Döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen ýakyn ýyllarda söwda dolanyşygyny 5 milliard dollar ýetirmek maksat edinilýär.

Ýene-de okaň

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Dostluk” gämisi üçin Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Azerbaýjanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik