Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 5-8-nji oktýabr aralygynda Yragyň Bagdad şäherinde saparda bolup, birnäçe duşuşyklar geçirdi. Şol duşuşyklar türkmen tebigy gazyny Yraga ibermegiň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol saparyň çäklerindäki gepleşiklerde Yragyň Prezidentiniň Türkmenistana ýakyn wagtda resmi saparda bolmaga taýýardygy bellenildi.
Mälim bolşy ýaly, bu saparyň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Yragyň elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.
Yragyň hökümeti Türkmenistandan Eýranyň üsti bilen swop görnüşinde 10 milliard kubmetr tebigy gaz almaga gyzyklanma bildirýär.
Yrak tarapy oktýabr aýynyň ahyrynda Aşgabatda geçiriljek nebitgaz forumynda türkmen tarapy bilen gepleşikleri dowam etdirmegi meýilleşdirýär.
Bular barada Halkara habarlar merkeziniň saýtynda bellenilip geçilýär.
