JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri german işewürlerini hyzmatdaşlyga çagyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-german işewürler maslahatyndaky çykyşynda Türkmenistan bilen GFR-iň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösýändigini belledi.

«Ykdysadyýet Germaniýa bilen gatnaşyklarymyzyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. German kompaniýalaryna ygtybarly we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlar hökmünde garaýarys. Olar ýokary hünär derejesi, hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli çemeleşýändikleri bilen tapawutlanýarlar hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň özara bähbitlidigine düşünýärler» – diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Aşgabat şeýle çemeleşmäni goldaýar we german işewürleriniň türkmen bazaryndaky alyp barýan işlerini mundan beýläk-de höweslendirer.

Türkmen halkynyň Milli Lideri «Siemens», «Daimler», «Сlaas», «Man», «Rohde & Sсhwarz» nemes komaniýalarynyň Türkmenistandaky köp ýyllyk we netijeli işini şeýle hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly hökmünde görkezdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtaýşy ýaly, umuman ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk yzygiderli we depginli ösdürilýär.

«Şunuň bilen birlikde, bilelikdäki mümkinçilikleriň has netijeli ulanylyp boljakdygy äşgärdir. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikalaşdyrmagy, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri giňden ornaşdyrmagy, infrastrukturany depginli ösdürmegi nazara almak bilen, täze maýa goýumlary çekmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek, döwrebap hyzmatlary ýola goýmak üçin mümkinçilikleri açýan hem-de ykdysady hyzmatdaşlygymyza itergi berjek hakykatdan-da giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň gerek bolan tapgyryndadygymyza berk ynanýaryn» – diýip, Türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

ULAG ULGAMYNDAKY TEKLIPLER

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-german işewürler maslahatyndaky çykyşynda Germaniýanyň işewür toparlaryny ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga çagyrdy.

«Biz Germaniýanyň işewür toparlaryny Türkmenistanda döwrebap ulag infrastrukturalaryny we kommunikasiýalaryny gurmak boýunça taslamalara özleriniň gatnaşmak mümkinçiliklerini öwrenmäge çagyrýarys» – diýip, Türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, häzirki günde ýurdumyzda täze awtomobil we demir ýol ulag halkalarynyň we geçelgeleriniň gurluşygy, howa we deňiz portlarynyň infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy giň gerimde alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň ulag edaralarynyň, assosiýasiýalarynyň we kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli esasdaky iş duşuşyklaryny ýola goýmak teklip etdi.

«Duşuşygyň gün tertibine german kompaniýalarynyň Türkmenistanda ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, hyzmat ediş merkezlerini döretmäge, ulag ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamaga gatnaşmagy ýaly meseleleri girizmek bolar» – diýip, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Hususan-da, Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýdyşy ýaly, «Deutsche Bahn» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiligi bizde gyzyklanma döredýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri raýat awiasiýasy ulgamynda Türkmenistan bilen GFR-iň arasynda howa gatnawlaryny ösdürmek mümkinçiligine şeýle hem Türkmenistanyň howa menzillerini bilelikde dolandyrmak mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

Şunuň bilen baglylykda, bu taslamalary durmuşa geçirmek üçin degişli hukuk binýadyny taýýarlamak zerurdyr diýip, Türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

OBA HOJALYGYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE GÖRNÜŞLERINE GEÇMEK TEKLIP EDILDI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-german işewürler maslahatyndaky çykyşynda GFR-iň kompaniýalaryna oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine geçmegi teklip etdi.

«Oba hojalyk pudagynda Türkmenistan bilen «Сlaas» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köpýyllyk oňyn tejribesini nazara almak bilen, innowasion çemeleşmeli, öňdebaryjy «ýaşyl» tehnologiýalary we sanly ulgamy işjeň ulanmak arkaly hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine geçmegi teklip edýäris» – diýip, Türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýdyşy ýaly, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi hem-de «Сlaas» kompaniýasy bilen bilelikde, ýurdumyzyň oba hojalyk tehnikalarynyň, enjamlaryň we ätiýaçlyk şaýlaryň nobatdaky tapgyryny getirmek üçin önüm öndürijileriň birleşigi döredildi.

«Biziň hünärmenlerimiz bu kompaniýanyň täjirçilik teklibini amala aşyrmak meselelerine girişmäge taýýardyrlar» – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

ENERGETIKA ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-german işewürler maslahatyndaky çykyşynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy üçin Germaniýanyň kompaniýalarynyň tehnikalaryny getirmek meselesini öwrenmäge taýýardygyny aýtdy.

«Energetika ulgamynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin Germaniýanyň kompaniýalarynyň tehnikalaryny we enjamlaryny getirmek meselesini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem gün batareýalaryny peýdalanmak boýunça german tehnologiýalaryny Türkmenistanda ornaşdyrmagyň mümkinçiligini öwrenmäge taýýardyrys» – diýip, Türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek maksady bilen, Germaniýanyň wodorod energetikasy boýunça tejribesini öwrenmek isleýändigimizi nygtady.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler