Şu gün Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda 2006-njy ýylyň aprelinde gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky baş şertnama gol çekilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanyp halkara maslahat geçirildi. “Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşmagynda “Türkmenistan-Hytaý Halk Respublikasy:Gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, nebitgaz pudagynda gözegçilik edýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, daşary ýurtlaryň ilçileri, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Şeýle hem gatnaşyjlaryň hatarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) prezidenti Rowşan Najaf we «Botaş» kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidan hem bardy.

Maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz pudagynda 2006-njy ýylyň aprelinde gol çekilen baş şertnamanyň üstünden geçen 20 ýylyň dowamynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlykda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi.
2009-njy ýylda gurlup ulanmaga berlen Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi arkaly Hytaý Halk Respublikasyna 462 milliard kubmetrden gowrak tebigy gazyň iberilendigini belledi.
Türkmenistanyň wise-premýeri iki ýurduň Liderleriniň tagallasy bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli uly ösüşlere beslenýändigini aýtdy.
Maslahatyň ilkinji plenar mejlisiniň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan, Türkmenistanyň döwlet ministri, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, şeýle hem Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan çykyş etdi.
Şeýle hem maslahatyň ilkinji plenar mejlisiniň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd» kompaniýasynyň arasynda “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada şertnama gol çekildi.
