JEMGYÝET

Türkmenistanda 200-den gowrak desganyň gurluşygy alnyp barylýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda Türkmenistanyň käbir makroykdysady görkezijilerini beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, häzirki wgatda ýurdumyzda umumy bahasy ABŞ-nyň 10 milliard dollaryndan gowrak bolan 200-e golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar we 2023-nji ýylyň 8 aýynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine gönükdirilýän her ýylky maýa goýumlarynyň möçberi jemi içerki önümiň 18-19 göterimine deňdir we şunda daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy olaryň jemi möçberiniň 12 göterimine çenlisini düzýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, strategik senagat – innowasiýa ösüş depgini maýa goýumlarynyň umumy möçberiniň 60 göterimden gowrak böleginiň önümçilik ulgamyna gönükdirilmeginiň hasabyna üpjün edilýär. Munuň özi senagatymyzyň düzümini üýtgetmäge, importyň ýerini tutýan hem-de eksport ugurly önümçilikleri ösdürmegi çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär.

«Soňky ýyllarda Türkmenistanda ykdysadyýetimiziň gazhimiýa pudagynda birnäçe maýa goýum taslamalary amala aşyryldy. Olar ammiak, karbamid, polipropilen, polietilen, sintetiki benzin önümçiligi boýunça gurlan täze zawodlardyr» – diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň işewürlerini ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

«Ulag we kommunikasiýalar hyzmatdaşlygyň ýene bir möhüm ugrudyr. Ençeme ýyllaryň dowamynda biz Germaniýanyň kompaniýalary bilen üstünlikli işledik. Olar ykjam aragatnaşyk, hemra ulgamlarynyň torunyň hyzmatlaryny giňeltmek, deňiz ulagyny ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşdylar» – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň german kompaniýalary bilen demirýol ulagyny ösdürmek, gämigurluşyk enjamlary, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulag-logistika mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, telekommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmak meselelerini anyk ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny belledi.

«Şonuň bilen birlikde, german kompaniýalaryny Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak boýunça taslamalara hem gatnaşmaga çagyrýarys» – diýip, Türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler