JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ŞHG-niň Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar.  Bu Sammit Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýär.

Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde ŞHG-niň Sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary belende galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Türkmen halkynyň Milli Liderine gül desseleri gowşuryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri howa menzilinden Döwlet kabulhanasyna ugrady.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar