JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýanyň Prezidentleriniň Kansler Olaf Şols bilen duşuşygyna gatnaşdy

Günüň ikinji ýarymynda Berlin şäherinde iş saparyny amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň GFR-iň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşygyna gatnaşdy.

Işewürlik günortanlyk nahary görnüşinde geçirilen çärä şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde ykdysady gatnaşyklaryň ilerledilmegine täze itergi berjek giň gerimli, geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň «Merkezi Aziýa + Germaniýa» formatyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi nygtaldy.

Şeýle hem taraplar ähli ugurlarda, ilkinji nobatda bolsa, söwda, ulag-üstaşyr, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny giňeltmek, täze kommunikasiýalary çekmek ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň kesgitlenilmegi altytaraplaýyn gatnaşyklara kuwwatly itergi berer we döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň binýadyny berkider.

Related posts

Türkiýede prezident saýlawlary: ikinji tapgyr üçin ses bermek ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen Lider Türkmenbaşı şehrinde

vepa

Fransiýanyň Prezidenti Milli Liderimiz bilen bolan duşuşygyny türkmen dilinde habar berdi

Ata Watan Eserleri